Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 12063
I. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 108-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 1-nji maddada:

3-nji we 7-nji bentlerde «edilýän» diýen sözi «ýetirilýän» diýen söze çalşyrmaly;

7-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«71) daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek barada hasabat — daşky gurşawa ýetirilýän täsire geçirilen baha bermegiň netijeleri we daşky gurşawyň çaklanylýan üýtgemeleriniň öňüni almak we (ýa-da) azaltmak boýunça zerur çäreler barada maglumatlary özünde jemleýän, hojalyk we beýleki işleri meýilleşdirmek boýunça taslama resminamasynyň düzüm bölegi;»;

2) 3-nji maddanyň 4-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«41) ekologiýa seljermesi geçirilen mahalynda ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň hasaba alynmagynyň hökmanylygyna;»;

3) 5-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanda döwlet ekologiýa seljermesi, jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi, şeýle hem ekologiýa auditi görnüşinde geçirilýän garaşsyz ekologiýa seljermesi amala aşyrylýar.»;

4) 11-nji maddanyň ikinji böleginde:

1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«1) şäherleri we ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegi meýilleşdirmek boýunça taslamadan öňki resminamalar;»;

1-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň ähli görnüşleri üçin ýer böleklerini saýlamak boýunça resminamalar;»;

3-nji bentde «baha bermek boýunça materiallar» diýen sözleri «baha bermek barada hasabat» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«101) I — V howplulyk klasly galyndylary ýerleşdirmek we (ýa-da) zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan obýektleriň taslama resminamalary, şol sanda bu obýektleri gurmagyň, durkuny täzelemegiň taslama resminamalary;»;

5) 18-nji maddanyň dördünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. Döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy şu ýagdaýlarda ýuridik güýjüni ýitirýär:

1) döwlet ekologiýa seljermesiniň obýekti döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasyny alan taslama resminamasyndan çykmalar bilen durmuşa geçirilende we (ýa-da) görkezilen taslama resminamasyna üýtgetmeler girizilende;

2) döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasynyň hereket ediş möhleti tamamlananda;

3) döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy alnandan soň, taslama we beýleki resminamalara üýtgetme girizilende.»;

6) 21-nji maddanyň birinji tesiminde «hukuk» diýen sözi «ýuridik» diýen söze çalşyrmaly;

7) IV babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«IV bap. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi we garaşsyz ekologiýa seljermesi»;

8) 26-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«261-nji madda. Garaşsyz ekologiýa seljermesi

Daşky gurşawyň ýagdaýyna zyýanly täsirini ýetirýän hereket edýän kärhanalar we önümçilikler babatda ekologiýa auditi görnüşinde geçirilýän garaşsyz ekologiýa seljermesi, ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň çözgüdi boýunça ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalary tarapyndan amala aşyrylýar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde we şertlerde ýerine ýetirilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.